Ýelizaweta II «Ýylyň garryja zenany» baýragyndan ýüz öwürdi

  • 21.10.2021 15:43
  • 8.2k+

Beýik Britaniýanyň şu aprelde 95 ýaşyny dolduran şa zenany Ýelizaweta II özüni ýaş duýýandygy sebäpli "Ýylyň garryja zenany" diýen hormatly baýrakdan ýüz öwürdi. Bu barada 29 ýyl bäri gowşurylýan baýragyň ýolbaşçysy Jaýls Brandrese salgylanyp, TASS ýazdy.

Jaýls Brandres baýragy guraýjylaryň koronawirus pandemiýasy wagtynda monarhyň bitiren hyzmatlaryny belläp geçmek teklibi bilen Bukingem köşgüne barandyklaryny hem-de sypaýy, ýöne kesgitli ret jogabyny alandyklaryny aýtdy.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, "Ýylyň garryja zenany" (ýa-da erkek adama gowşurylanda "Ýylyň garryja adamy") baýragy ençeme ýyl bäri monarhyň ejesi Ýelizaweta Buoz-Laýon (1900-2002), suratkeş Deýwid Hokni ýaly şahsyýetlere, şeýle hem Oskar we Nobel baýraklarynyň eýelerine gowşurylyp gelinýärdi.


düýn 23:53
790

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....