Türkmenistanyň çäginde 22-nji sentýabrda boljak howa maglumaty

Türkmenistanyň çäginde 22-nji sentýabrda boljak howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 22-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17...+19°, gündizine +31...+33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Balkan welaýatynda: üytgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18...+23°, gündizine +28...+33°, kenarýaka etraplarynda +24...+29° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +27...+29°, basyşy 750 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Awazada: howa +26...+28°, basyşy 757 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Balkanabat şäherinde: howa +31...+33°, basyşy 756 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15...+20°, gündizine +28...+33° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +31...+33°, basyşy 733 mm, çyglylygy 20 — 40%.
Tejen şäherinde: howa +30...+32°, basyşy 743 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Mary welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +14...+19°, gündizine +29...+34° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +31...+33°, basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Baýramaly şäherinde: howa +30...+32°, basyşy 739 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Lebap welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12...+17°, gündizine +28...+33° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +29...+31°, basyşy 742 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Kerki şäherinde: howa +31...+33°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12...+17°, gündizine +22...+27° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +25...+27°, basyşy 754 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Köneürgenç şäherinde: howa +24...+26°, basyşy 755 mm, çyglylygy 15 — 35%.