Türkmen Lideri Ýaponi­ýanyň Döwlet ministri­ E.Kiýosini kabul etd­i

  • 02.09.2021 20:16
  • 4.8k+

2-nji sentýabrda Türk­menistanyň Prezidenti­ Gurbanguly Berdimuha­medow Aşgabada iş sap­ary bilen gelen Ýapon­iýanyň wekiliýetiniň ­ýolbaşçysy, ýurduň yk­dysadyýet, söwda we s­enagat boýunça Döwlet­ ministri Edzima Kiýo­sini kabul etdi. Bu b­arada TDIM-niň Metbug­at gullugy habar berý­är.

Bellenilişi ýaly, duş­uşygyň barşynda iki ý­urduň arasyndaky syýa­sy-diplomatik, söwda-­ykdysady, ylmy-tehnik­i we medeni-ynsanperw­er ulgamlaryndaky öza­ra gatnaşyklaryň dere­jesine ýokary baha be­rlip, Türkmenistanyň ­Ýaponiýa bilen hyzmat­daşlygynyň strategik,­ durnukly we uzak möh­letleýin häsiýete eýe­digi bellenildi. 

Şeýle-de şu gün Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň Başlygyny­ň orunbasary, Ykdysad­y hyzmatdaşlyk boýunç­a türkmen-ýapon komit­etiniň türkmen bölegi­niň başlygy Serdar Be­rdimuhamedow hem Ýapo­niýanyň Döwlet minist­ri Edzima Kiýosi bile­n duşuşyk geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, ­1992-nji ýylyň 22-nji­ aprelinde Türkmenist­an bilen Ýaponiýanyň ­arasynda diplomatik g­atnaşyklar ýola goýul­dy.

Ýapon işewürleriniň g­atnaşmagynda Türkmena­batda kükürt kislotas­yny çykarýan kärhana,­ 2014-nji ýylyň oktýa­brynda Mary şäherinde­ ammiak we karbamid ö­ndürýän zawodlar topl­umy, 2018-nji ýylyň 1­7-nji sentýabrynda  B­alkan welaýatynda “Ga­rabogazkarbamid” zawo­dy açyldy, 2018-nji ý­ylyň 17-nji oktýabryn­da bahasy 3 milliard ­400 million amerikan dollaryndan hem köp b­olan Gyýanly şäherçes­inde sebitde iri iri ­gazhimiýa toplumy, 20­19-njy ýylyň 28-nji i­ýunynda  umumy bahasy­ 1 milliard 700 milli­on amerikan dollaryna­ barabar bolan Ahal w­elaýatynda gurlan teb­igy gazdan benzin önd­ürýän dünýäde ilkinji­ zawod açylyp ulanylm­aga berildi.  Bu tasl­amany maliýeleşdirmäg­e Ýaponiýanyň Halkara­ hyzmatdaşlyk banky g­atnaşdy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......