Türkmenistanyň çäginde 27-nji awgustda nähili howa bolar?

Türkmenistanyň çäginde 27-nji awgustda nähili howa bolar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 27-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, welaýatyň dag etek etraplarynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +33... +38° yssy, kenarýaka etraplarynda +31... +36° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 751 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Awazada: howa +33... +35°, basyşy 754 mm, çyglylygy 35 — 55 %.
Balkanabat şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 760 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +25° maýyl, gündizine +34... +39° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Tejen şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 741 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23° maýyl, gündizine +34... +39° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Baýramaly şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 734 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23° maýyl, gündizine +35... +40° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 740 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17... +22° maýyl, gündizine +33... +38° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 751 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 747 mm, çyglylygy 20 — 40 %.