Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty

Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty

Geljek hepdede Türkmenistanyň ähli künjeginde howanyň ortaça temperaturasynyň +38,2 dereje bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ahyrynda welaýatlaryň ählisinde diýen ýaly howanyň derejesi +36 gradusa çenli aşaklar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy +38,8 gradus bolar. Hepde boýunça iň yssy gün anna güni bolar — meteorologlar şol gün üçin +40 gradusy çaklaýarlar. Ýekşenbe güni temperatura düýpli aşaklap, +36 dereje bolar.

Balkan welaýatynda gündizki ortaça temperatura + 40,8 dereje bolar. Duşenbe güni howanyň derejesi +44 gradusa çenli gyzar. Kem-kemden howanyň derejesi peselip, hepdäniň dowamynda ortaça +40 dereje bolar. Ýekşenbe güni temperaturanyň aşa peselip, +36 gradusa ýetmegine garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda geljek hepdede ortaça iň ýokary temperatura +37,1 gradus bolar. Duşenbe, penşenbe we anna günleri howanyň +38 gradus bolmagyna garaşylýar. Şenbe gününe çenli temperatura +36 gradusa çenli düşer.

Mary welaýatynda gündizki ortaça temperatura +37,7 dereje bolar. Duşenbe güni howanyň derejesiniň +40 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar. Penşenbe we anna günleri hem yssy bolar — bu günlerde temperatura +39 dereje ýokarlanyp biler. Dynç güni termometriň görkezijisi +36 gradusa çenli düşer.

Lebap welaýatynda howanyň gyzgynlygynyň ortaça derejesi + 37,7 gradus bolar. Iň yssy günlerde — duşenbede we penşenbede howa +39 gradusa çenli gyzyp biler. Sişenbe we ýekşenbe günlerinde temperaturanyň peselmegine garaşylýar. Bu günler termometr +36 gradusa düşüp biler.