14-nji iýulda nähili howa bolar?

14-nji iýulda nähili howa bolar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 14-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizine az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +28° maýyl, gündizine +33... +38° yssy, kenarýaka etraplarynda +31... +36° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 745 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Awazada: howa +33... +35°, basyşy 746 mm, çyglylygy 25 — 45 %.
Balkanabat şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 753 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda welaýatyň dag etek etraplarynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +28° maýyl, gündizine +33... +38° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 730 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Tejen şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 737 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Baýramaly şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 733 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 732 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23°, gündizine +30... +35° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 750 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +32... +34°, basyşy 751 mm, çyglylygy 20 — 40 %