Mercedes-Benz işgärlerine sylag pullaryny bermegi yza süýşürmekçi we iş hepdesini uzaltmakçy

  • düýn 14:59
  • 2.2k+

«Mercedes-Benz» işgärlere sylag pullaryny (premiýalaryny) geljek ýyla çenli yza süýşürmek kararyna geldi we goşmaça tölegsiz iş hepdesiniň dowamlylygyny artdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada «Automobilwoche» neşiri habar berýär.

Ozal sylag pullarynyň tölenmegi kärdeşler arkalaşygy bilen ylalaşylypdy. Aýlyk zähmet hakynyň 18 göterimi möçberindäki sylag puly iýul aýynda takmynan 90 müň işgäriň hasabyna geçirilmeli-di. Ýöne kompaniýa tölegleri birtaraplaýyn tertipde geljek ýyla geçirdi.

Ýolbaşçylar şeýle hem goşmaça sagatlar üçin goşmaça tölegsiz, iş hepdesini 35 sagatdan 40 sagada çenli uzaltmak mümkinçiligini öwrenýärler.

Kärdeşler arkalaşygynyň wekilleri bu kararlary tankyt etdiler. Kompaniýada bu çäreleri çylşyrymly maliýe ýagdaýy bilen düşündirýärler. Geçen ýylyň jemleri boýunça «Mercedes-Benz Cars» bölüminiň göterimler we salgytlar çykylmazdan ozalky girdejisi 8,7 milliard ýewrodan 4,8 milliard ýewro çenli, konserniň umumy girdejisi bolsa 13,7 milliard ýewrodan 8,2 milliard ýewro çenli azaldy.

Belläp geçsek, ozal hytaý ulag öndürijileriniň tarapyndan bolýan bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen baglanyşykly «BMW», «Mercedes-Benz», «Volkswagen» we «Stellantis» kompaniýalary awtoulaglar üçin umumy operasion ulgamy bilelikde işläp düzmek barada ylalaşypdylar.


20.04.2026 15:52
4.2k+

Merilin Monronyň süren seýrek Mercedes-Benz awtoulagy auksiona çykaryldy

Iconic Auctioneers auksion öýi 1956-njy ýylda aktrisa Merilin Monronyň süren, 1950-nji ýylda öndürilen üýtgeşik Mercedes-Benz 170 S (W136) awtoulagyny auksionda satar....

04.04.2026 13:43
16k+

Erling Holand her kime ýetdirmeýän seýrek «Maybach Virgil Abloh» superkaryny satyn aldy

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand dünýäde diňe 150 nusgada öndürilen seýrek Mercedes-Maybach Virgil Abloh awtoulagyny öz kolleksiýasyna goşdy....

01.04.2026 11:57
3.3k+

Mercedes «Melgun Prada geýýär» filminiň ikinji bölüminiň hyzmatdaşy boldy

Mercedes kompaniýasy «Melgun Prada geýýär» («Дьявол носит Prada») filminiň ikinji bölüminiň hyzmatdaşy boldy — indi Miranda Pristli Mercedes-Maybach S-Class awtomobilini müner. Filmiň dünýä premýerasy 1-nji......

30.01.2024 07:45
18k+

Dubaýda bahasy 2,7 million dollardan 10 million dollara çenli bolan öýli kaşaň Mersedes-Benz Places ýaşaýyş diňi gurlar

Mersedes-Benz Emiratyň Binghatti jaý gurluşyk şereketi bilen bilelikde Dubaýda başy gökdirän Mercedes-Benz Places ýaşaýyş jaýyny gurar, ondaky öýleriň hersiniň bahasy 10 million dollar bolar diýip, Inc. habar berýär...