Mercedes «Melgun Prada geýýär» filminiň ikinji bölüminiň hyzmatdaşy boldy

  • 01.04.2026 11:57
  • 3.3k+

Mercedes kompaniýasy «Melgun Prada geýýär» («Дьявол носит Prada») filminiň ikinji bölüminiň hyzmatdaşy boldy — indi Miranda Pristli Mercedes-Maybach S-Class awtomobilini müner. Filmiň dünýä premýerasy 1-nji maýda bolar.

2006-njy ýyldaky ilkinji filmde Meril Stripiň gahrymany ekranda Mercedes-Benz S-Class awtomobilinde görünýär. Filmiň dowamynda bolsa ol salony el işi bilen bezelen täzelenen Mercedes-Maybach S-Class modeline geçýär.

Filmiň çykmagy mynasybetli guralan kampaniýa «Gelmegiň sungaty» (The Art of Arrival) diýen ady aldy. Taslamany döredijiler Pristliniň Maybach bilen duşuşygyny iki sany ikonanyň duşuşygy hökmünde häsiýetlendirýär.

«Melgun Prada geýýär–2» filminiň sýujetiniň merkezinde Enn Heteueýiň ýerine ýetirmeginde Endi Saks durýar. Ol «Runway» neşiriniň makalalar bölüminiň redaktory bolýar we ýene-de baş redaktor Miranda Pristli (Meril Strip) bilen çaknyşýar. Olaryň žurnaly täzeden dikeltmek synanyşygy Mirandanyň öňki birinji kömekçisi — indi bolsa täsirli Emili bilen duşuşyga getirýär.

«Melgun Prada geýýär–2» filminiň birinji tizeri 2025-nji ýylyň iň köp tomaşa edilen treýleri boldy. Ol ilkinji 24 sagadyň dowamynda 181,5 million gezek görüldi. Indiki wideo — sikweliň doly göwrümli treýleri — has-da meşhur boldy. Oňa bir gije-gündiziň dowamynda 222 million gezek tomaşa edildi — bu bolsa 20th Century Studios studiýasy üçin rekorddyr.


düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....