Dubaýda bahasy 2,7 million dollardan 10 million dollara çenli bolan öýli kaşaň Mersedes-Benz Places ýaşaýyş diňi gurlar

  • 30.01.2024 07:45
  • 18k+

Mersedes-Benz Emiratyň Binghatti jaý gurluşyk şereketi bilen bilelikde Dubaýda başy gökdirän Mercedes-Benz Places ýaşaýyş jaýyny gurar, ondaky öýleriň hersiniň bahasy 10 million dollar bolar diýip, Inc. habar berýär.

Kaşaň diňiň gurluşygyna 1 milliard dollar sarp ediler.
65 gatly bina Dubaýyň gyzgalaňly şäher merkezinden, takmynan, 341 metr belentlige galar. Gurluşyk işleri 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde tamamlanar.
Awtoulag öndürijisiniň web sahypasynda aýdylyşyna görä, binada dünýäniň iň beýik minarasy - 828 metr beýiklikdäki Burj-Halifany synlap boljak 150 öý bolar.
Golaýda Binghattiniň kaşaň awtoulag öndürijisi Bugatti bilen ýaşaýyş jaý taslamasyny durmuşa geçirýändigini habar beripdik. Bu kompaniýa üçin binada awtoulaglary penthouslara daşamak üçin liftler bolar.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....