Emeli aň Dubaýdaky täze restoranda şef-aşpez wezipesine bellendi

  • 15.07.2025 12:33
  • 6.6k+

Sentýabrda Dubaýda WOOHOO restorany öz işine başlar. Bu ýerde menýunyň we umumy konsepsiýanyň taýýarlanmagyna emeli aň jogap berer diýip, Reuters habar berýär.

Tagamlar adaty aşpezler tarapyndan taýýarlanar, ýöne gerekli önümleri saýlamak, taýýarlanyş usullaryny döretmek işleri, tagamyň bezegi we hatda restoranyň atmosferasy Chef Aiman (AI – emeli aň we man – adam sözleriniň birleşmesi) dil modeline tabşyryldy. Taslamanyň awtorlarynyň maglumatlaryna görä, bu model gastronomiýa boýunça müňlerçe reseptleri we ylmy gözlegleri öwrendi.
Chef Aiman üýtgeşik sazlaşmalary teklip etmek üçin, önümleriň tagamyny, teksturasyny, turşulygyny we beýleki aýratynlyklaryny seljerýär. Ähli tagamlar şef Reýf Osmanyň ýolbaşçylygyndaky hünärmen aşpezler tarapyndan dadylýar we düzedilýär.
Bellenilişi ýaly, model et bölekleri we ýag ýaly adatça zyňylýan önümleri ulanmak bilen hem resept taýýarlap bilýär. Bu iýmit galyndylaryny azaltmaga we aşhananyň ekologiki talabalaýyklygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.
Taslama gatnaşýan Gastronaut kompaniýasynyň baş direktory Oýtun Çakyr başlangyjyň maksadynyň aşpezleri çalyşmak däl-de, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmekdigini belledi.
WOOHOO restorany Dubaýyň iň belli syýahatçylyk sebitleriniň birinde, “Burj-Halifa” diňiniň golaýynda açylar.


düýn 11:47
6.3k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....