Dubaýda 2029-njy ýyla çenli dünýäde iň beýik metro stansiýasy gurlar

  • 12.06.2025 22:42
  • 9.7k+

Dubaýda täze metro liniýalarynyň gurluşygy başlandy. Taslama şäheriň demirgazyk-gündogar bölegini özgertmäge, transport ýüküni azaltmaga we halkara howa menzili bilen göni aragatnaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Khaleej Times neşiriniň habar bermegine görä, esasy desgalaryň biri Dubaý duralgasy sebitindäki Emaar Properties stansiýasy bolar. Onuň beýikligi 74 metr bolup, bu ony dünýäde iň beýik metro stansiýasyna öwrer. Desganyň açylyşy 2029-njy ýyla meýilleşdirilýär.
Stansiýanyň dizaýny Burj-Halifa, Olimpik-tauer we Sirs-Tauer taslamalary bilen belli bolan Skidmore, Owings & Merrill (SOM) amerikan binagärlik kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Onuň gündelik geçirijilik ukyby 160 000 ýolagça barabar bolar. Çaklamalara görä, 2040-njy ýyla çenli stansiýadan günde 70 000-den gowrak adam peýdalanar.
Täze metro şahasy 30 km uzalyp, 14 stansiýany öz içine alar. Hereket üçin 28 sany häzirkizaman otlusy ulanylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde emirligiň umumy metro ulgamynyň uzynlygy 131 km, stansiýalaryň sany bolsa 78-e ýeter.
“Gök şaha” diýlip atlandyrylan bu liniýa Dubaýyň dokuz sebitini birleşdirer. Otlular iki ugur boýunça sagatda 46 000 ýolagçyny gatnadyp biler. 2030-njy ýyla çenli gündelik ýolagçy akymynyň 200 000-e ýetmegine garaşylýar.
Täze liniýanyň işe girizilmegi ýol dyknyşygyny 20% azaltmaga mümkinçilik berer. Gurluşygyň bahasy 20,5 mlrd dirhama (takmynan, 5,6 mlrd dollar) barabar bolar. Işi Türkiýeden we Hytaýdan kompaniýalar – Mapa, Limak we CRRC ýerine ýetirer.


06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......