Apple kompaniýasy ýat çipleriniň we göterijileriň bahasynyň gymmatlamagy sebäpli birnäçe MacBook, iPad we iMac modelleriniň bahasyny, takmynan, 20% ýokarlandyrdy. Şondan soň maýa goýujylaryň islegiň peselip biljekdigi baradaky howatyrlanmalary netijesinde kompaniýanyň we onuň Aziýadaky esasy hyzmatdaşlarynyň paýnamalary aşak düşdi diýip, «Bloomberg» habar berýär.
Täze bahalar aşakdaky ýaly boldy:
MacBook hatary:
- MacBook Neo modeliniň bahasy 599 dollardan 699 dollara galdy;
- 13 dýuýmlyk MacBook Air 1099 dollardan 1299 dollara çenli gymmatlady;
- 14 dýuýmlyk MacBook Pro bolsa 1699 dollardan 1999 dollara ýetdi;
- 16 dýuýmlyk MacBook Pro modeliniň başlangyç bahasy bolsa indi 2999 dollardan başlanýar.
iPad planşetleri:
- 11 dýuýmlyk iPad Pro modeliniň bahasy 999 dollardan 1199 dollara galdy;
- 13 dýuýmlyk iPad Pro bolsa 1299 dollardan 1499 dollara ýetdi;
- Başlangyç iPad indi 349 dollaryň deregine 449 dollar bolar;
- iPad mini üçin bolsa 499 dollaryň ýerine 599 dollar tölemeli bolar.
iMac kompýuterleri:
- Enjamyň başlangyç bahasy 1299 dollardan 1499 dollara çenli ýokarlandy.
Häzirki wagtda bahalaryň ýokarlanmagy iPhone smartfonlaryna, Apple Watch sagatlaryna we AirPods gulaklyklaryna täsir etmedi. Muňa garamazdan, kompaniýa geljekde beýleki gajetleriň hem nyrhlaryna üýtgetme girizilip bilinjekdigini inkär etmeýär.
Mundan ozal Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk nyrh syýasatyna täzeden seretmegiň zerurdygy barada aýdypdy.
Bahalaryň ýokarlanandygy yglan edilenden soň, Apple-iň paýnamalary 5%-den gowrak arzanlady, bu bolsa 2025-nji ýylyň aprelinden bäri iň uly pese gaçyş boldy. Şol bir wagtda Aziýa biržalarynda kompaniýanyň üpjün edijileriniň hem nyrhlary peseldi. SK hynix we Samsung Electronics kompaniýalarynyň paýnamalary 8%-den gowrak, Kioxia bolsa 12% töweregi gymmatyny ýitirdi. MSCI Asia Pacific indeksi 6,4% peseldi, Nasdaq 100 fýuçersleri bolsa 1,5% aşaklady.
«Bloomberg» agentliginiň baha bermegine görä, Apple kompaniýasy öz önümleriniň nyrhlaryny mundan ozal beýle uly derejede gymmatlatmandy.