Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 26.05.2026 09:51
  • 3.7k+

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Guinness World Records guramasynyň iň pes talaby 1 million gül oturtmakdan ybaratdy, ýöne Namangan oblastynda jemi 29 406 384 sany ösümlik ekildi. Ösümlikleri oturtma wagtynda tehnikalaryň ulanylmagyna rugsat berilmedi, ähli işler diňe elde ýerine ýetirildi.

«Gowy utgaşdyrylan guramaçylyk we umumy maksat arkaly Namangan şäheri gülleriň, agzybirligiň we kämilligiň nyşany bolan ajaýyp bir ýere öwrüldi» – diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi emini Şeýda Subaşi belledi.

Bu festiwal Namanganda 1961-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär, 2018-nji ýylda bolsa oňa halkara statusy berildi.

Gül baýramçylygy 24-nji maýdan 12-nji iýula çenli dowam eder. Festiwalyň maksatnamasy 150-ä golaý çäräni — ylmy maslahatlary, forumlary, ýarmarkalary, konsertleri we dron şüweleňlerini öz içine alýar.

Festiwalyň açylyş dabarasy güller bilen bezelen awtomobilleriň ýörişi bilen utgaşdyryldy. Bu ýörişe retro we döwrebap ulaglar gatnaşdy, şeýle hem wokal we tans toparlarynyň çykyşlary guraldy.


düýn 10:46
2.4k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....