«Smile» kosmos apparaty Ýeriň magnit meýdanyny öwrenmäge ugrady

  • 21.05.2026 08:09
  • 1k+

Ýewropanyň «Smile» kosmos apparaty Fransiýa Gwianasyndaky kosmos menzilinden «Vega-C» raketasy arkaly äleme uçuryldy. Bu missiýanyň esasy maksady Ýeriň magnit meýdanynyň Günüň şemallaryna we güýçli radiasiýa dökülmelerine nähili täsir edýändigini öwrenmekdir.

Apparat uçurylandan 40 minut geçensoň, onuň ilkinji signaly Ýewropanyň Kosmos Agentliginiň Awstraliýadaky ýerüsti stansiýasy tarapyndan kabul edildi. Şondan birnäçe minut soň bolsa apparatyň Gün panelleri üstünlikli açyldy.

«Smile» taslamasy Ýewropanyň Kosmos Agentligi (ESA) we Hytaýyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar.

Bu apparat taryhda ilkinji gezek Ýeriň magnit galkanyny rentgen şöhleleri arkaly synlar. Şeýle-de, onuň üstünde polýar şapaklaryny yzygiderli surata düşürmek üçin ultramelewşe kamera gurnaldy.

Ýewropa Kosmos Agentliginiň baş direktory Ýozef Aşbaher: «Biz taryhda ozal hiç wagt görülmedik zada – Ýeriň görünmeýän gorag galkanynyň nähili işleýändigine şaýat bolarys» diýip, täze taslamanyň maksadyny mälim etdi.

Günüň şemallaryndan gelýän zarjadly bölejikleriň Ýeriň magnit meýdanyna edýän täsirini öwrenmek ylym üçin örän möhümdir. Alymlar «Smile» apparatyndan geljek maglumatlar kosmos howasyny öňünden çaklamaga, şeýle-de älem gämileriniň we kosmonawtlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek eder diýip garaşýarlar.

Apparat ýakyn bir aýyň dowamynda Demirgazyk polýusynyň üstünde 121 müň kilometre çenli ýetýän uly aýlawly orbita çykar. Ylmy maglumatlary ýygnamak işine bolsa şu ýylyň iýul aýynda başlar.

«Smile» üçin enjamlary taýýarlamaga Ýewropanyň 14 ýurdundan kompaniýalar we ylmy edaralar gatnaşdy. Ýewropa Kosmos Agentliginiň bu taslama goşan maliýe goşandy 130 million ýewro barabar boldy.


düýn 10:51
796

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....