Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, dünýä rekordyny goýdular

  • 21.05.2026 16:05
  • 8.4k+

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, uzak ýaşamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Need To Know neşiri habar berdi.

Süýtdeş uýalar Lewita, Zoraida we Zuliny de Deus Nunes häzirki wagtda dünýäde ýaşap ýören iň ýaşy uly üç dogan hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Gyz doganlaryň iň ulusy 108 ýaşynda, ortanjysy 104, iň kiçisi bolsa 103 ýaşynda.

Olar Braziliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Seržipi ştatynda sekiz çagaly maşgalada dünýä indiler. 1917-nji ýylyň iýunynda doglan Lewita ýaşlygynda öý hojalykçy bolan bolsa-da, soňra Rio-de-Žaneýro şäherine göçüpdir we milli teleýaýlyma işe ýerleşipdir. 1921-nji ýylyň noýabrynda doglan Zoraida ilki başlangyç synp mugallymy bolup işläpdir. Soňlugy bilen degişli okuw jaýyny tamamlap, şepagat uýasy hünärini ele alypdyr. Iň kiçi uýalary Zulina bolsa 1923-nji ýylyň martynda dünýä inip, el işleri bilen meşgullanyp, özüniň alty çagasyny-da ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdiripdir.

Belläp geçmeli zady, bu maşgalada uzak ýaşan diňe olar däldir. Uýalaryň ejesi Žowelina we bir daýzalary ýüz ýaşdan aňryk geçmegi başarypdyr. Ýaşlarynyň mazalyja bolandygyna garamazdan, uýalar biri-biri bilen örän ýakyn gatnaşykda ýaşaýarlar.

Häzirki wagtda olar dünýäde ýaşap ýören iň garry üç dogan diýen tituly göterýän hem bolsalar, entek tutuş taryhyň absolýut rekordyny täzeläp bilmediler.

«LongeviQuest» taslamasynyň berýän maglumatlaryna görä, taryhdaky absolýut rekord amerikaly uýalar Meggi Renfro (1895–2010), Kerri Li Miller (1902–2010) we Rozi Li Warren (1906–2009) dagylara degişlidir. 2009-njy ýylyň dekabrynda Warren aradan çykan pursadynda, bu üç uýanyň umumy ýaşy 325-e ýetipdi.


şu gün 10:59
236

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
4.8k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....