Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýdaky iň uzak ömürli apparat boldy

  • 28.04.2026 23:04
  • 2.1k+

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýyň üstündäki iň uzak ömürli apparat boldy. Hasaplamalara görä üç aý hyzmat etmeli rower ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Aýyň beýleki tarapyny söküp ýör.

Yutu-2 2019-njy ýylyň ýanwarynda Aýyň beýleki tarapyna ilkinji gezek pessaý gonuşy amala aşyran Chang’e-4 missiýasynyň çäginde uçurylypdy. Gonuş modulyndan aýrylandan soň, rower Aýyň üstüni öwrenmäge başlady.

Rower kyn şertlerde işleýär: hemrada temperatura gündizine 150°C-dan ýokary galyp, gijesine -180°C-a çenli pese düşüp bilýär. Durnukly işlemek üçin apparat temperatura gözegçilik ulgamyny ulanýar we awtomatiki usulda uky režimine geçýär.

Ýutu-2 öz missiýasynyň dowamynda topragyň geologik gurluşyny öwrenmäge mümkinçilik berýän ylmy maglumatlary iberdi, şeýle hem onuň üstünde aýna şarjagazlary tapdy. Bu maglumatlar bize Aýyň taryhyna we Gün ulgamynda bolup geçýän proseslere has gowy düşünmäge kömek edýär.

Hytaý Aý maksatnamasyny ösdürmegini dowam etdirýär. Chang’e-7 missiýasyny şu ýyl uçurmak meýilleşdirilýär. Apparat suw buzuny gözlemek üçin Aýyň günorta polýusyna iberiler.


şu gün 10:51
511

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:08
4.5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....