Polşaly bloger onkologik keselli çagalar üçin 60 million ýewro ýygnap, Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 28.04.2026 08:00
  • 5.4k+

Polşaly 23 ýaşly bloger Patrik Garkowski (internetdäki ady Łatwogang) onkologik keselli çagalara kömek etmek üçin geçirilen onlaýn haýyr-sahawat çäresinde Ginnesiň rekordyny goýdy. Dokuz günläp dynuwsyz dowam eden göni efirde ol 250 million polşa zlotysyndan (takmynan 60 million ýewro ýa-da 69 million dollar) gowrak pul ýygnamagy başardy.

17-nji aprelde başlanan bu taslama «Cancer Fighters» gaznasyny goldamak üçin niýetlenipdi. Ilkibaşda 500 müň zloty ýygnamak meýilleşdirilse-de, adamlaryň işjeňligi netijesinde bu maksada derrew ýetildi we ýygnamak işi dowam etdirildi.

Bloger Warşawadaky studiýasyndan dokuz günläp yzygiderli efir alyp bardy. Ol şonça wagtyň dowamynda kesel bilen göreşýän çagalara bagyşlanan «Men henizem şu ýerde» («I’m still here») atly aýdymy gaýtaladyp diňledi. Bu aýdymy polşaly reper Bedoes 2115 we kesel bilen göreşýän 11 ýaşly Maja Mesan bilelikde ýazypdy.

Ägirt uly haýyr-sahawat marafonynda meşhur sungat we sport ýyldyzlary hem işjeňlik görkezdiler. Marafona ilkinjileriň hatarynda goşulan «Coldplay» rok toparynyň ýolbaşçysy Kris Martin klawişli saz guralyndaky improwizasiýasyny görkezýan wideo ýüzlenme ugradyp, tomaşaçylary haýyr-sahawat puluny köpeltmäge çagyrdy.

Polşanyň adyndan çykyş edýän konkiçi Wladimir Semirunniý öz Olimpiýa medalyny bagyş etdi we kesel çagalara duýgudaşlyk hökmünde saçyny syrdyrdy.

Dünýä derejeli ýyldyzlar hem sosial ulgamlarda bu çäräni işjeň goldadylar. Olardan «Barselonanyň» we Polşanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Robert Lewandowski TikTok-da haýyr-sahawat aýdymynyň astynda tans etdi we 230 000 ýewrodan gowrak pul bagyşlady. Onuň kärdeşi, derwezeçi Woýseh Şensnyý bolsa Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Lamin Ýamal bilen bilelikde wideo ýazgy düşürdiler. Tennis boýunça «Uly tuwulganyň» alty gezek çempiony Iga Swýontek hem 23 müň ýewrodan gowrak pul goşdy we öz oýnuna petek sowgat etdi.

Efire iň köp tomaşa edilýän pursatda 1,6 million adam birden goşuldy. Bu görkeziji 2025-nji ýylda fransuzlaryň «Z Event» taslamasy tarapyndan goýlan 16,2 million ýewrolyk öňki rekordy hem täzeledi. Ýygnalan ähli serişdeler keselli çagalara we olaryň maşgalalaryna kömek etmek üçin gönükdiriler.


13.05.2026 23:15
4k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......

13.05.2026 12:16
3.8k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

12.05.2026 11:50
7.4k+

Amerikanyň ýaşaýjysy «Bearbrick» şekiljikleriniň heniz görülmedik möçberini ýygnap Ginnese girdi

Illinoýs ştatynyň ýaşaýjysy, amerikaly kolleksioner Deniel Park dünýäde iň köp «Bearbrick» şekiljiklerini ýygnap, adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy....

09.05.2026 05:59
4.6k+

Arubaly pälwan 10 tonnalyk awtobusy boýny bilen çekip, dünýä rekordyny goýdy

49 ýaşly pälwan Egmond Molina agramy takmynan 10 tonna bolan awtobusy boýny bilen 20 metr aralyga çekip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär....