Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

  • 24.04.2026 10:18
  • 5.6k+

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş nokatlaryna hem ýaýratmak meýilleşdirilýär.

Anketany öňünden ýörite portal arkaly doldurmaly. Soňra QR kody döredilýär we ol serhetde görkezilmeli.

Bu talap üstaşyr geçýän ýolagçylardan we Wýetnamyň öz raýatlaryndan başga ähli daşary ýurt raýatlaryna degişlidir.

Maglumatlary girişden 72 sagat öň tabşyryp bolýar. Syýahat operatorlary formany doldurmagyň takmynan 10 minut wagt alýandygyny aýdýarlar. Hyzmat rus dilini goldaýar we pasport ýüklenýärkä maglumatlary bölekleýin awtomatik doldurýar.

Häzirlikçe ulgam synag häsiýetli bolsa-da, geljekde onuň hökmany bolmagyna we gözegçilik nokadyndan geçmek prosesini çaltlaşdyrar diýip garaşylýar.
 

 


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......