Britaniýa «çilimden azat nesil» üçin ýaşlara temmäki satmagy ömürlik gadagan edýän kanuny tassyklady

  • 24.04.2026 00:14
  • 6.2k+

Britan parlamentiniň iki palatasy hem 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap doglan ähli raýatlara temmäki önümlerini we elektron çilimleri satmagy ömürlik gadagan edýän taryhy kanun taslamasyny tassyklady.

Ýurtda «çilimden azat ilkinji nesli» kemala getirmäge gönükdirilen bu başlangyç, indi resmi taýdan güýje girmegi üçin patyşa Karl III tarapyndan gol çekilmegine garaşýar.

«Bi-bi-si» gullugynyň habar bermegine görä, «Weýp we çilim hakyndaky kanun» diňe bir satmagy gadagan etmek bilen çäklenmän, eýsem häkimiýetleriň nikotin önümleriniň düzümine gözegçilik etmek boýunça ygtyýarlyklaryny hem giňeldýär. Indi temmäki önümleriniň we elektron çilimleriň ys berijileri hem-de gaplamalarynyň dizaýny hem düzgünleşdiriler.

«Bu örän ähmiýetli kanun taslamasydyr, ol çilimden azat nesli döreder» – diýip, Lordlar palatasynda Döwlet sekretarynyň zenanlaryň saglygy baradaky meseleler boýunça orunbasary baronessa Jilliýan Meron belledi.

Kanunyň iş mehanizmi temmäki satyn almak üçin iň pes ýaşyň her ýyl ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, ýaş çägi 2009-njy ýylda we ondan soň doglan raýatlaryň ýaşy bilen bilelikde süýşer, bu bolsa wagtyň geçmegi bilen Beýik Britaniýanyň ähli ilatyna çilim satylmagynyň hakyky gadagan edilmegine getirer.

Bu kanun taslamasyna 2023-nji ýyldan bäri seredilip gelinýärdi.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:53
886

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......