«Türkmenfilm» «TÜRKSOÝ-yň» Molla Nasreddin hakyndaky filmini düşürmäge ýardam berdi

  • 22.04.2026 11:25
  • 8.6k+

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda surata düşürilýän «Molla Nasreddin — kyn günleriň dosty» atly halkara çeper filminiň surata düşüriş meýdançalarynyň birine öwrüldi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

​Taslamanyň döredijilik toparyna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň kino sungatynyň ussatlary çekildi. Film Oguzhanyň adyny göterýän «Türkmenfilm» birleşiginiň işjeň kömegi bilen amala aşyrylýar. Surata düşüriş işleriniň şu ýylyň tomsuna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

​Film üçin Ahal welaýatynyň gözel künjekleri — Gäwers obasy we Bokurdak şäherçesi saýlanyp alyndy. Bu ýerler sebitiň tebigy öwüşginini görkezmekde tapylgysyz künjeklerdir. Garagumuň uç-gyraksyz çägelerinde düşürilen kerwenli pursatlara Türkmenistanyň halk artisti Çary Seýtliýew we sungat ugrunda bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

​Filmiň ssenariýasynyň awtory we goýujy režissýory, Azerbaýjanyň halk artisti Wagif Mustafaýew Molla Nasreddiniň keşbiniň bu filmde diňe bir gülki däl, eýsem, paýhasyň we jemgyýetçilik meselelerine tankydy garaýşyň nyşany hökmünde açyp görkezilýändigini belleýär.

​Taslama «TÜRKSOY» guramasy tarapyndan resmi goldaw alyp, 2023-nji ýylyň oktýabrynda Şuşa şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň medeniýet forumynda tassyklanypdy.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....