NASA Aýda bilkastlaýyn ýangyn döretmek isleýär: bu näme üçin gerek?

  • 27.04.2026 10:01
  • 4.9k+

Amerikanyň aerokosmos agentligi (NASA) Aý şertlerinde oduň özüni alyp barşyny öwrenmäge gönükdirilen «FM2» (Flammability of Materials on the Moon) missiýasyny yglan etdi.

2026-njy ýylyň ahyrynda Aýyň üstüne gaty ýangyç nusgalary iberiler we Aýyň dartyş güýji şertlerinde ýangynyň aýratynlyklary hasaba alnar. Alymlaryň bellemegine görä, kosmosda ýangyn fizikasynyň Ýerdäkiden uly tapwudy bar: eger Ýer ýüzünde ýangyn konweksiýa sebäpli damja şekilli bolsa, mikrograwitasiýa şertlerinde ol sferik (togalak) görnüşe geçýär.

«FM2» taslamasynyň çägindäki deslapky çaklamalar Aýyň dartyş güýjüniň has hem howply bolup biljekdigini görkezýär, sebäbi käbir gurşawlarda alawyň ýaýraýyş tizligi grawitasiýa derejelerine baglydyr.

Alnan maglumatlar geljekde astronawtlar üçin has ygtybarly skafandrlary we ýaşaýyş modullaryny taslamakda ulanylar. «FM2» missiýasynyň şowly geçmegi «Artemis» maksatnamasynyň geljekki ekipažlarynyň howpsuzlygy bilen göni baglanyşyklydyr. Uzak möhletleýin geljekde inženerler dürli materiallaryň chydamlylygyny gönüden-göni Aýyň üstünde synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler, bu bolsa ynsan oglunyň Aýda durnukly galmagy üpjün edilenden soňra mümkin bolar.


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......