Grawitasiýa garaşar: Türkmenistanyň Döwlet sirki täze şüweleň taýýarlaýar

  • 20.04.2026 14:56
  • 2.1k+

Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýär. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirki nusgawy sirk sungatyny we türkmen halkynyň öboluşly mirasyny özünde jemleýän täze meýilnamasyny taýýarlady.

Täze şüweleň üýtgeşik öwüşgin bilen tapawutlanar. Elbetde, sirk diýeniňde hemişe çagalary begendirýän akrobatlar, žonglýorlar we dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen täsin haýwanlar göz öňüne gelýär. Ýöne agşamyň esasy mazmuny diňe bir ýörite effektler däl-de, eýsem ynsan bilen bedewiň arasyndaky janly baglanyşyk bolar.

Sahna daşary ýurtlarda türkmen sirk sungatyny tanadan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem-de «Türkmen jigitleri» ussatlary çykar. Olar diňe bir çylşyrymly tilsimleri däl, eýsem köp ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilen ynsan we bedew arabaglanyşygynyň nämelere ukyplydygyny görkezer.

Şeýle hem myhmanlara «Gündogar ýyldyzlary» toparynyň ýaş artistleriniň çykyşlary garaşýar.

Dabaraly çykyş 26-njy aprelde sagat 18:00-da bolar.

Biletleri kassadan ýa-da resmi sirk.gov.tm saýtyndan elektron görnüşde satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......