Aşgabatda Weli Muhadowyň 110 ýyllygy bellener we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

  • 19.04.2026 13:19
  • 2.8k+

2026-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň paýtagtynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) opera günleri we görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly konsert geçiriler.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde bu medeni-ynsanperwer çärelerine görülýän taýýarlyk barada wise-premýer Bahar Seýidowa hasabat berdi. Çäreleriň maksatnamasy türki halklaryň Umumy maddy we medeni gymmatlyklaryny gorap saklamaga hem-de saz sungatynyň nusgawy wekilleriniň döredijiligini wagyz etmäge gönükdirilendir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ guramasy bilen hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini we bilelikdäki çäreleriň yzygiderli häsiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we ýaş nesli terbiýelemekde sazyň hem-de sungatyň ornuny nygtap, opera agşamlaryny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Görnükli kompozitor Weli Muhadow 1916-njy ýylyň 5-nji maýynda doguldy. Ol türkmen akademik saz sungatynyň başlangyjynda duran şahsyýetleriň biridir. Ol Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew we Adrian Şapoşnikow dagy bilen bilelikde ilkinji milli opera eserlerini döretmekde esasy orun eýelän kompozitor hasaplanýar.

Muhadowyň opera sungatyndaky iň ýokary derejesi hökmünde «Ganly saka» (1967) operasy görkezilýär. Bu eseriň librettosyny şahyr Çary Aşyrow özüniň adybir poemasynyň esasynda ýazypdy.


düýn 19:04
4.2k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 11:22
4.6k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......