Hytaýly alymlar göze zeper ýetirýän howply wirusy ýüze çykardylar

  • 19.04.2026 19:23
  • 4.7k+

Hytaýdaky alymlar ölüm howply ýapyk görnüşli nodawirusy (CMNV) dowamly gipertoniki wirusly uweite sebäp bolujy hökmünde anykladylar, bu bolsa çişmä we gözüň içinde gan basyşyň ýokarlanmagyna sebäp bolýan dowamly keseldir.

Nature Microbiology žurnalynda çap edilen barlagda öň diňe deňiz jandarlaryna (krewetkalar, deňiz mollyuskalary we balyklar) täsir eden wirusyň indi adamlara geçip, belli bir oftalmologik zeperlenmelere sebäp bolmak ukybyna eýe bolandygy tassyklanyldy.

Patogeni gözlemeklik ähli belli bolan göz ýokançlary üçin synaglaryň negatiw netije beren hassalarynyň sanynyň artmagy bilen başlandy. 2022-nji ýylyň ýanwaryndan 2025-nji ýylyň apreline çenli dowam eden barlagyň dowamynda hünärmenler elektron mikroskop arkaly 70 hassanyň dokumalaryny öwrendiler. Nusgalarda takmynan 25 nanometr ölçegli wirus bölejikleri tapyldy.

Altyn belgili antitelalary we genetiki materiallaryň yzygiderliligini ulanmak arkaly anyklanan wirus nodawirusyň suw haýwanlaryna ýokuşýan  görnüşi bilen tas 100% gabat gelýändigini görkezdi. Onuň patogenligini doly tassyklamak üçin alymlar syçanlara wirus ýokuşdyrdylar. Netijede, olarda gözüň içinde gan basyşyň ýokarlanmagy ýaly, adamlarda duş gelýän alamatlar ýüze çykdy.

Barlaga gatnaşyjylaryň durmuş ýörelgesiniň seljermesi olaryň takmynan 75% -iniň çig deňiz önümlerini iýendigini ýa-da olary elliksiz taýýarlandygyny görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde CMNV dünýä derejesinde ýaýran: ol Aziýada, Afrikada, Ýewropada, Amerikada we hatda Antarktidada haýwanlaryň 49  görnüşinde tapyldy.

Wirusyň tebigatda giňden ýaýrandygyna garamazdan, bilermenler howsala düşmezligi maslahat berýärler: häzirki wagtda CMNV-niň adamdan adama geçýändigine hiç hili subutnama ýok.

Agyr göz keseliniň  öňüni almak üçin hünärmenler çig deňiz önümlerini ellände seresap bolmagy we gorag serişdelerini ulanmagy  maslahat berýärler .


 


düýn 14:09
1.2k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

düýn 11:51
5.9k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.3k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......