Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

  • 16.04.2026 14:51
  • 1.4k+

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi.

Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň döwlet Baştutanyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny ýetirdi.

Prezident ilçini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we koreýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini bildirdi.

TDH-niň habar bermegine görä, döwlet Baştutany: «Biziň döwletlerimiz deňhukukly ýörelgeler, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler» — diýip belledi.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, onuň köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigi bellenildi. Ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň, şol sanda himiýa senagatynda iri taslamalary amala aşyrýan «Daewoo» kompaniýasynyň gatnaşmagynda dürli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutany ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler barada durup geçmek bilen, Aşgabatda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň üstünlikli hereket edýändigini belledi. Prezident ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Ilçi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....