Daşkentdäki Yslam siwilizasiýasynyň merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 14.04.2026 21:49
  • 7.1k+

Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi dünýäde «Yslam siwilizasiýasynyň iň uly muzeýi» diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Rekordlar kitabynyň wekili Şeýda Subaşi degişli baýragy Merkeziň Ylmy geňeşiniň agzalaryna gowşurdy.

Subaşi «Toplumyň göwrümi, konseptual bitewüligi we amala aşyrylyş derejesi "Guinness World Records-yň" ölçeglerine doly laýyk gelýär» diýip bellemek bilen, bu taslamanyň taryhy miras bilen häzirkizaman muzeý tehnologiýalarynyň utgaşmagynyň özboluşly nusgasydygyny nygtady.

Binagär Abdukahhor Turdiýewiň aýtmagyna görä, toplumyň binagärlik gurluşy Özbegistanyň mirasyny we onuň dünýä siwilizasiýalarynyň özara gatnaşygyndaky ornuny görkezýär.

Häzirki wagtda bu toplum sebitiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Ol her gün 5 000-e çenli myhmany kabul edýär.

Tutuş desga, takmynan, 10 gektar meýdany eýeleýär, binalaryň umumy meýdany bolsa 50 müň inedördül metre golaýdyr. Gümmeziň beýikligi 65 metre ýetýär.

Muzeýiň ruhy merkezi Gurhan zaly bolup, bu ýerde VII asyra degişli bolan we ÝUNESKO-nyň «Dünýä ýady» sanawyna girizilen gymmatly golýazma — Osman Mushafy saklanýar.

Şeýle hem merkezde sebitiň Galkynyş döwürleriniň dürli tapgyrlaryna bagyşlanan interaktiw ekspozisiýalar, sanly barlaghanalar we «Wagt kapsulalary» ýerleşýär. 2017-nji ýylda Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen döredilen bu merkez yslamdan öňki we yslam döwürleriniň medeni gatlaklaryny birleşdirip, parahatçylyk, aň-bilim we hormat goýmak ideýalaryny öňe sürýär.


düýn 09:50
3.7k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.8k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.4k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.2k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......