Hywada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň bilermenler platformasy dörediler

  • 14.04.2026 16:31
  • 2.5k+

2026-njy ýylyň 16–17-nji aprelinde Hywa şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň bilermenleriniň ilkinji forumy geçiriler. Fergana agentliginiň habar bermegine görä, bu çäräniň netijesinde yzygiderli işlejek täze bilermenler platformasyny döretmek meýilleşdirilýär.

Forumyň guramaçylary bolup, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar instituty, Konrad Adenauer we Fridrih Ebert adyndaky gaznalar çykyş edýär. Oňa Germaniýadan we sebit ýurtlaryndan 50-den gowrak bilermen – analitik merkezleriň ýolbaşçylary, ylym we biznes wekilleri gatnaşar. Forumyň gün tertibinde syýasy gepleşikler we ykdysady hyzmatdaşlyk, senagat hyzmatdaşlygy we sanly transformasiýa, bilim alyş-çalyşlary we zähmet migrasiýasy arkaly adam kapitalyny ösdürmek ýaly ugurlara garalar. 

Täze döredilýän platforma «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyna analitik goldaw berer. Bu format alty ýurdy – Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Özbegistany we Germaniýany birleşdirýär. Taraplar ykdysadyýet, energetika, ekologiýa we biznes ýaly möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýärler.


18.06.2026 14:00
4.1k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

11.06.2026 07:39
4.3k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....