Türkiýe 2040-njy ýyla çenli temmäkini doly gadagan etmegi meýilleşdirýär

  • 16.04.2026 10:30
  • 4.2k+

Türkiýe hökümeti çilim çekmäge garşy göreşi tapgyrlaýyn güýçlendirip, 2040-njy ýyla çenli ýurtda temmäki önümleriniň söwdasyny doly togtatmagy göz öňünde tutýan täze kanun taslamasyny taýýarlaýar. Yeni Şafak neşiriniň habar bermegine görä, bu başlangyç birnäçe aýgytly ädimleri öz içine alýar.

Täze taslamada çilim çekmek gadagan edilen zolaklaryň gerimi has-da giňeler. Oňa döwlet binalary, okuw we saglygy saklaýyş edaralary, şeýle hem açyk meýdançalar girer. BirGün neşirinde aýdylyşy ýaly, restoranlarda we kafelerde çilim çekmäge diňe meýdany 20 inedördül metrden uly bolmadyk, daşyndan görünmeýän we hyzmat ediş işgärleri tarapyndan hyzmat edilmeýän aýratyn ýerlerde rugsat berler. 18 ýaşyna ýetmedikleriň bu ýerlere girmegine asla ýol berilmez. 

Dükanlarda temmäki önümlerini tekjelerde açyk görkezmek gadagan ediler. Söwda elektron ulgamlar arkaly amala aşyrylar we alyjynyň ýaşy hökman barlanar.

Täze kanuna laýyklykda, dört ýyldan soň has berk çäreler durmuşa geçirilip başlanar. Esasy maksat – diňe bir adaty çilimleri däl, eýsem elektron çilimleri we ähli şoňa meňzeş enjamlary hem doly gadagan etmekden ybaratdyr. Bu düzgünleri bozanlara garşy örän berk jerimeler we sanksiýalar ulanylar.


03.06.2026 18:12
6k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

29.05.2026 00:09
3k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......