Ýewropa gününe bagyşlanan «Dostluk ganatlary» ylgawyna 650-den gowrak adam gatnaşdy

  • 11.04.2026 19:38
  • 4.4k+

Aşgabatda Ýewropa gününe we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Dostluk ganatlary: ÝB–Türkmenistan» atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habar bermegine görä, bu çäre hasaba alnan 650-den gowrak gatnaşyjyny birleşdirdi.

Ylgaw ýaryşy ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde, Daşary işler ministrliginiň we «Run Rush» ylgaw jemgyýetiniň goldawy bilen guraldy.

Bu çäre 2025-nji ýylda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonynyň» däplerini dowam etdirip, sport we jemgyýetçilik başlangyçlary arkaly ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.

Ylgaw ýaryşyna Garaşsyzlyk seýilgähinde geçirilip, oňa dürli ýaşdaky we dürli taýýarlyk derejesindäki adamlar gatnaşdy. Ýaryş 2 km (maşgala görnüşli ylgaw), 5 km (höwesjeňler üçin) we 10 km (tejribeli we hünärmen gatnaşyjylar üçin) aralyklara ylgamagy, şeýle-de inklýuziw ylgawy öz içine aldy.

Çäre açylyş dabarasy we umumy maşklar bilen başlandy, soňra bolsa bellenilen aralyklar boýunça badalga berildi. Gatnaşyjylar we myhmanlar üçin göwün açyjy hem-de maşgala güýmenjeleri hem guraldy.

Menzili tamamlanlaryň ählisine ýadygärlik medallary gowşuryldy, her kategoriýa boýunça ýeňijiler bolsa hemaýatkärleriň baýraklary bilen sylaglandy.

Guramaçylar şular ýaly başlangyçlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmäge, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge we hyzmatdaşlygy berkitmäge hyzmat edýändigini belleýär.


14.06.2026 14:04
3.5k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......