Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 10.04.2026 15:23
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini, şeýle hem iki ýurduň söwda, maliýe we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşýan Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň işini maslahatlaşdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugruna aýratyn üns berildi. Şunlukda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň ähmiýeti bellenildi. Bu döredijilik topary iki ýurduň sazandalaryny birleşdirýär.

Hanym Neda Berger ikitaraplaýyn gepleşikleriň ösdürilmegine berýän ünsi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň ýolbaşçylygy tarapyndan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň goldanylmagy olary mundan beýläk-de ösdürmegiň binýady bolup hyzmat edýär diýip, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy nygtady.

Taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, medeni hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galjakdygyna ynam bildirdi.


düýn 22:20
2.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....