Arheologlar Türkiýede 5000 ýyl ozal sadaka aýdylan çörek tapdylar

  • 14.04.2026 07:16
  • 7.2k+

Irki bürünç eýýamynyň adamlary düzümi örän çylşyrymly çörekleri bişirip, olary dini dessurlarda ulanypdyrlar diýip, PLOS One žurnaly habar berýär.

Türkiýäniň günbataryndaky Küllüoba Höyük atly ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda arheologlar diametri 12 sm bolan kömürleşen süýri zady tapdylar. Barlaglar munuň takmynan b.e.öňki 3200–3000-nji ýyllar aralygynda bişirilen çörekdigini görkezdi.

Mikroskop seljermeleri çöregiň düzümi we taýýarlanylyşy barada örän täsin zatlaryň üstüni açdy. Bu çörek gadymy bugdaýdan we gabygy aýrylmadyk merjimekden taýýarlanypdyr. Onuň içindäki howa boşluklary hamyryň turşadylandygyny görkezýär.

Çörek 150–160°C-den ýokary temperaturada, daş ýa toýundan ýasalan kürede bişirilipdir. Gazuw-agtaryş ýerinde şeýle desganyň galyndylary hem tapyldy.

Arheologik tapyndynyň ýörite toprak bilen doldurylan bir otagyň bosagasyndan tapylmagy alymlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Munuň üstünde uzak wagt oýlap-ölçerenlerinden soň bolsa, olar bu çörek ýönekeý bir iýmit galyndysy däl-de, bu binadan göçülen wagty haýsydyr bir gudratly güýjüň ýoluna aýdylan sadaka bolmaly diýen netijä geldiler.

Bu açyş, mundan 5000 ýyl ozallar hem çöregiň iýmit bilen birlikde, mukaddeslik düşünjesine-de eýe bolandygyny we şol döwrüň jemgyýetiniň tehnologik hem-de durmuş taýdan ýokary derejede ösendigini tassyklaýar.


25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......