Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy

  • 09.04.2026 11:29
  • 4.2k+

8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň resmi adamlary ugratdy diýip, TDH habar berýär.

Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde ony iki ýurduň resmi wekilleri mähirli garşylady.

Bu sapar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky deňhukuklylyga we özara hormat goýmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Bu hyzmatdaşlyk möhüm strategik ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär.

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işini işjeňleşdirmek, gurluşyk we gaýtadan işleýän senagata Awstriýanyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek şertlerinde Awstriýanyň demir ýol we logistika tejribesini ulanmak arkaly yklymara geçelgeleri ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Şeýle-de, uglerod zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak durnukly geljegiň bähbidine bilelikdäki işler üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýurtlaryň halklaryny ruhy taýdan birleşdirmekde Türkmen-awstriýa jemgyýetine aýratyn orun degişlidir. «Galkynyş» simfoniki orkestriniň we Wena ballarynyň üsti bilen «saz diplomatiýasyny» ösdürmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sapary hem iki ýurduň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de halkara durnuklylygy üpjün etmekdäki bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilendir.


düýn 22:20
2.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....