Jeki Çan Gazagystandaky täze kinostudiýa sowgat iberdi

  • 08.04.2026 15:08
  • 7.7k+

Gazagystanyň Almaty oblastynyň Garasaý raýonynda döwrebap kinopawilýonyň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslama mynasybetli dünýä belli aktýor Jeki Çan özüniň simwolik «wagt kapsulasyny» sowgat hökmünde iberdi.

Meşhur kapsula gurluşyk meýdançasyna dikuçar arkaly getirilip, režissýor Robert Kuna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy diýip, Mir-24 portaly habar berýär. Hut şu täze kinostudiýada meşhur aktýoryň gatnaşmagynda «Hudaýyň ýaraglary 4:Talap» («Доспехи бога 4: Ультиматум») atly filmiň surata düşürilmegi meýilleşdirilýär.

Taslamanyň prodýuseri Li Çiu Wa Jeki Çanyň gazagystanlylara gyzgyn salamyny we:«Mundan bary-ýogy alty aý ozal bu taslama diňe maslahatlaşylýan meýilnama hökmündedi. Bu gün bolsa gurluşygyň batly depginlerde barýandygyny görmek, diýseň guwandyryjy» diýen ruhubelent sözlerini ýetirdi.

Häkim Marat Sultangaziýewiň aýtmagyna görä, «Dala Stage Creative Tech Park» adyny alan bu desga sebitde çeper industriýanyň ösmegine güýçli itergi berer. Ol ýerli hünärmenlere dünýäniň öňdebaryjy studiýalary bilen bäsleşmäge şert döreder.

Şu ýylyň awgust aýynda tamamlanmagyna garaşylýan taslamanyň umumy meýdany 15 gektar, gurluşyk bölegi 3 000 inedördül metrdir.

Hakykatdan-da, bu kinostudiýa Jeki Çanyň täze filmi bilen birlikde, tutuş sebitiň kino sungatynyň beýgelmegi üçin hem möhüm binýatdyr.


şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....