Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

  • 07.04.2026 15:21
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ähli ýaşaýjylaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady we bu halkara baýramçylygyň jemgyýetiň agzybirligini berkitmekdäki hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini durnuklaşdyrmakdaky ähmiýetini belledi.

«Bütindünýä saglyk güni jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýýar» – diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda aýdylýar.

Prezident Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň raýatlaryň abadançylygy, olaryň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny belledi. Ýurtda ykdysadyýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda döwrebap sport desgalarynyň, stadionlaryň, mekdepleriň, şeýle hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň, hassahanalaryň we şypahanalaryň ulanmaga berlendigi nygtalýar.

«Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrýar» – diýip, Prezident belledi. Döwlet Baştutany ýurduň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň sporty ösdürmek barada birnäçe rezolýusiýalary, şol sanda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky resminamany kabul edendigini ýatlatdy.

Sözüniň ahyrynda Prezident raýatlara berk jan saglyk, abadançylyk we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

«Goý, bu ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!» – diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.


düýn 10:07
2.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.5k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:12
6.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......