Parižiň «Disneyland» seýilgähinde Elzanyň buzly köşgi bilen Erendell şäheri guruldy

  • 31.03.2026 13:58
  • 3.6k+

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde 2 milliard ýewrolyk giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň bir bölegi bolan «Doňan ýüregiň dünýäsi» atly täze tematik zolak açyldy. Bu barada «Associated Press» agentligi habar berýär.

Täze zolak adybir animasiýa filminden ylham alnyp döredildi. Onuň merkezi bölegi Elzanyň buzly köşgi we skandinaw obasynyň stilindäki Erendell şäheri boldy.

Üýtgedip gurmak işleri seýilgähiň 34 ýyllyk taryhynda iň uly taslama boldy. Taslamanyň çäklerinde «Walt Disney Studios Park» seýilgähiniň ady «Disney Adventure World» diýlip üýtgedildi.

Bu taslama Disney kompaniýasynyň, takmynan, 60 milliard dollarlyk ählumumy maýa goýum maksatnamasyna degişlidir. Şeýle hem, bu 18-nji martda wezipä bellenen kompaniýanyň täze ýolbaşçysy Joş D’Amaronyň döwründe ilkinji uly waka boldy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bu taslamanyň ähmiýetini belläp, «Disneyland-iň» Ýewropanyň iň iri syýahatçylyk ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, seýilgähiň giňeldilmegi 1000 töweregi iş ornuny döreder.

1992-nji ýylda açylanyndan bäri seýilgähe 445 milliondan gowrak adam baryp gördi, maýa goýumlaryň umumy möçberi bolsa 13 milliard ýewrodan geçdi.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......