Alymlar: gan basyşlaryň arasyndaky uly tapawut demensiýanyň yşaratydyr

  • 28.03.2026 15:46
  • 4k+

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze barlaglaryň birinde ýokarky we aşaky gan basyşyň arasyndaky uly tapawudyň huşsuzlygyň ýüze çykmak howpuny döredýändigi hakynda aýdylýar.

Alymlar muňa göz ýetirmek üçin 50 ýaşdan uly bolan 8 500-den gowrak adamyň maglumatlaryny seljerdiler. Barlagyň dowamynda iň ýokary basyş we iň pes basyş görkezijileri yzygiderli ölçenildi. Bu iki görkezijiniň arasyndaky tapawuda «puls basyşynyň indeksi» diýilýär.

Netijede puls basyşynyň indeksi we ýürek urşunyň ýygylygy ýokary bolan adamlarda aň işjeňliginiň bozulma howpunyň takmynan 76% ýokarydygy bilindi. Şeýle hem alymlar barlagyň barşynda damarlaryň çeýeligini-de üns berdiler. Şonda damarlary gatan adamlarda demensiýa has köp duş geldi.

Bu görkezijileri adaty gan basyşyny we pulsy ölçemek arkaly aňsatlyk bilen anyklap bolýar. Şeýle edilende, lukmanlara wagtynda ýüz tutup, huşsuzlyk howpunyň öňüni alyp bolardy. Şol bir wagtda, bu ýagdaý lukmanlara-da näsaglaryň gan basyşyny gözegçilikde saklap, gijä galmazdan, olaryň durmuş ýörelgesini üýtgetmek üçin zerur maslahatlary berip ýetişmäge şert döredip biler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......