Ozon türkmen bazaryna girýär

  • 28.03.2026 14:41
  • 8.3k+

Russiýanyň Ozon onlaýn söwda platformasy Türkmenistanyň ilaty üçin satuwlaryň başlanandygyny yglan etdi. Alyjylar indi ozon.tm platformasynda çagalara niýetlenen önümlerden başlap, hojalyk harytlaryna çenli dürli görnüşli 150 milliondan gowrak önümi tapyp bilerler.

Deslapky tapgyrda eltip bermek hyzmaty diňe Aşgabatda amala aşyrylýar. Sargytlary “Türkmenpoçta” bölümlerinden alyp bolýar. Harydyň eltip berliş möhleti on gün.

Kompaniýa aprel aýynda logistika hyzmatlaryny giňeltmegi, beýleki sebitlere eltip bermegi ýola goýmagy we kurýer hyzmatyny goşmagy meýilleşdirýär. Eltip bermek möhletleriniň gysgaldylmagyna garaşylýar.

Eltip bermegi guramak üçin, onlaýn-bazarda hasaba durmaly we Ozon hasabyňyz bolmaly.  Töleg diňe VISA we Mastercard arkaly amala aşyrylýar.

“Biz ýurtda elektron söwdany ösdürmekde uly mümkinçilikleri görýäris” - diýip,  CEO Ozon GDA kompaniýasynyň baş direktory Natalýa Boýer aýtdy we kompaniýanyň gündelik söwda üçin amatly hyzmata öwrülmegine umyt baglaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ozon 2021-nji ýyldan bäri halkara işini ösdürýär. Kompaniýa GDA-nyň birnäçe ýurtlarynda, şol sanda Gazagystanda, Özbegistanda, Belarusda, Ermenistanda, şeýle hem Hytaýda we Türkiýede iş alyp barýar.

Türkmenistanyň bazaryna girmegi bilen, bazaryň geografiki orny on bir ýurda çenli giňeldi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......