“Habbl” we “Jeýms Webb” Saturnyň iň detally "portretini" döretdiler

  • 28.03.2026 10:21
  • 1.7k+

Astronomlar “Habbl” we “Jeýms Webb” teleskoplaryndan alnan maglumatlary birleşdirip, Saturnyň iň detally şekilini aldylar diýip, Space.com neşiri ýazýar.

OPAL maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň awgust aýynda “Habbl”-dan edilen gözegçilikler planetany görünýän ýagtylykda görkezdi, bu bolsa bulut zolaklaryny we atmosfera üýtgeşmelerini anyklamaga mümkinçilik berdi. Takmynan 14 hepde soň “Jeýms Webb” kosmos teleskopyndan alnan maglumatlar infragyzyl gözegçilikleriň hasabyna kartinanyň üstüni ýetirdi.

Infragyzyl şöhleler atmosferanyň has çuň gatlaklaryny, demirgazyk giňişliklerdäki reaktiw akymlary, polýuslarda mümkin bolan işjeňligi we günorta ýarym şardaky tupanlary görmäge kömek etdi.

Saturnyň suw buzundan ybarat bolan halkalary “Habbl” teleskopynyň suratlarynda Gün şöhlesini aýdyň yzyna serpikdirýär. “Jeýms Webb”-iň suratlarynda olar has-da tapawutly görünýär we merkezi bölegiň gurluşy we daşky halkadaky tapawutlar ýaly goşmaça detallary açyp görkezýär.

Bilelikdäki maglumatlar planetanyň daşky görnüşiniň tolkunyň uzynlygyna baglylykda nähili üýtgeýändigini we onuň atmosferasy barada has doly düşünje berýändigini görkezdi.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....