Täze «Möý-adamyň» treýlerine taryhda ilkinji gezek 1 milliarddan gowrak tomaşa edildi

  • 26.03.2026 15:28
  • 3.4k+

Tom Hollandyň gatnaşmagyndaky «Möý-adam: Düýbünden täze gün» (Человек-паук: Совершенно новый день) filminiň treýleri taryhda 1,1 milliard tomaşa sanyndan geçen ilkinji wideorolik boldy.

Surata düşürilen wideo ilkinji gije-gündiziň dowamynda 718,6 million tomaşa toplap, mundan ozalky rekordy eýelän «Dedpul we Rosomahanyň» (365 million tomaşa) görkezijisinden ep-esli öňe geçdi.

Häzirki wagtda bu wideo diňe bir filmleriň arasynda däl, eýsem wideooýunlaryň arasynda-da, hatda GTA VI oýnunyň ilkinji treýlerini hem yzda galdyryp, birinji ýeri eýeleýär.

Filmiň premýerasy 31-nji iýula meýilleşdirilýär. Bu Tom Hollandyň dünýä prokatynda 1,9 milliard dollar girdeji gazanan «Öýe ýol ýok» (Нет пути домой) filminden soňra Möý-adam hökmünde ilkinji gezek peýda bolmagydyr.

Treýler ýordumyň käbir detallaryny mälim edýär. Piter Parker mutasiýa bilen bagly bolup biljek organiki tor atyjylaryna eýe bolýar. Şeýle hem Bruklin köprüsindäki komikslerden ugur alýan sahna görkezilýär.

Wideoda Brýus Benner, Jeza beriji, Skorpion, Bumerang, Tarantul we "Ruka" klanynyň wekilleri peýda bolýarlar. Tomaşaçylar şeýle hem Jin Greýiň roluny ýerine ýetirip biljekdigi barada gürrüňler ýaýran Sedi Sinki hem suratlarda saýgardylar.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....