Dior we ÝUNESKO zenanlaryň bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy uzaltdy

  • 26.03.2026 13:54
  • 1k+

Dior moda öýi zenanlaryň bilimini goldamaga gönükdirilen Women@Dior maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada karara geldi. Bu barada WWD neşiri habar berýär.

Maksatnamanyň esasy çäresi her ýylky Parižde geçirilýän maslahatdyr. Ýöne mundan beýläk maksatnama sebit görnüşde ösdüriler. Bu çemeleşme ýerlerde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Bu taslama moda dünýäsinden başlap, inženerçilige çenli dürli ugurlarda okaýan talyp gyzlary birleşdirýär. Olar dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň okuw kurslaryna girmäge mümkinçilik gazanýarlar. 2017-nji ýylda başlanan bu taslama 2 800-den gowrak gyz gatnaşdy.

Hyzmatdaşlygy uzaltmak baradaky ylalaşyga Dior-yň ýerine ýetiriji direktory Delfina Arno we ÝUNESKO-nyň baş direktory Haled El-Enany Parižde gol çekdiler. Duşuşykda taraplar döredijilikli liderlik we durmuş durnuklylygy meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.


14.05.2026 17:00
2.7k+

ÝUNESKO: Dünýä boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany 25 ýylyň içinde 2,5 esse artdy

Dünýä boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany soňky çärýek asyryň dowamynda iki esseden gowrak artyp, 2024-nji ýylda 269 milliona ýetdi. ÝUNESKO-nyň ýokary bilim ulgamyndaky tendensiýalar baradaky......

20.04.2026 16:20
1.8k+

Türkmenistanyň YA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» kafedrasy açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» kafedrasy açyldy....

24.11.2025 00:01
4.9k+

Türkmenistanyň DIM-niň HGI Fransiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

«Türkmen-Fransuz gatnaşyklary: häzirki zamanyň kynçylyklary we geljegi» atly maslahatyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa Parižde Fransiýanyň...

07.05.2025 11:53
3.4k+

Türkmenistan bilim, medeniýet we tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Parižde Ýeliseý köşgünde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň gatnaşmagynda gol çekildi...