ÝUNESKO: Dünýä boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany 25 ýylyň içinde 2,5 esse artdy

  • düýn 17:00
  • 1.6k+

Dünýä boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany soňky çärýek asyryň dowamynda iki esseden gowrak artyp, 2024-nji ýylda 269 milliona ýetdi. ÝUNESKO-nyň ýokary bilim ulgamyndaky tendensiýalar baradaky hasabatyna görä, 2000-nji ýylda bu san takmynan 100 milliona deň bolupdyr.

Guramanyň maglumatlaryna görä, şu döwürde talyplaryň halkara hereketi üç esse artypdyr. Häzirki wagtda 7,3 milliona golaý adam daşary ýurtlarda okaýar, olaryň ýarysy Ýewropada we Demirgazyk Amerikada bilim alýar.

Iň köp kabul ediji ýurtlaryň arasynda ABŞ, Beýik Britaniýa, Awstraliýa, Germaniýa, Kanada, Fransiýa we Russiýa agzalýar. Barlagda Russiýanyň uniwersitetleriniň esasan Merkezi Aziýadan we öňki Sowet Soýuzynyň beýleki ýurtlaryndan gelen talyplary kabul edýändigi bellenilýär.

ÝUNESKO-nyň bilermenleri sebitleýin deňsizligiň saklanyp galýandygyny hem bellediler. Günbatar Ýewropada we Demirgazyk Amerikada ýokary bilim edaralarynda 18 ýaşdan 24 ýaşa çenli ýaşlaryň takmynan 80% -i okaýar. Latyn Amerikasynda we Karib deňzinde bu görkeziji 59%, Arap döwletlerinde 37%, Günorta we Günbatar Aziýada 30% we Sahara çölüniň günortasyndaky Afrikada 9% -e deňdir. 146 ýurt boýunça dünýäniň ortaça görkezijisi 43% -e deňdir.

Hasabatda häzirki wagtda bakalawr derejesinde aýal-gyzlaryň sanynyň erkeklerden köpdügi, ýöne doktorantura derejesinde erkeklerden azdygy aýdylýar.


şu gün 07:27
19

Gazagystanyň mekdeplerinde emeli aň ornaşdyrylyp başlanar

Gazagystanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalaryny orta bilim ulgamyna ornaşdyrmak baradaky Permana gol çekdi. Resminama mekdeplerde emeli aňy tapgyrlaýyn ulanmagy we okatmagyň täze usullaryny işläp......

12.05.2026 20:28
1.4k+

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

09.05.2026 13:15
2.6k+

Matematikada täze bäsdeş: π (pi) sanynyň ýerini τ (tau) tutup bilermi?

Ylmy gurşawda meşhur π (pi) sanynyň ýerine takmynan 6,28-e deň bolan başga bir matematik hemişelik sany – τ (tau) sanyny ulanmak baradaky jedeller dowam edýär....

08.05.2026 22:36
3k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......