Türkmenistanyň YA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» kafedrasy açyldy

  • 20.04.2026 16:20
  • 1.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» kafedrasy açyldy.

THP-niň habar bermegine görä, açylyş dabarasynyň çäklerinde ýaş alymlaryň işlerine, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak taslamalaryna we arheologik tapyndylara bagyşlanan sergi geçirildi.

Täze kafedra ÝUNESKO-nyň 130 ýurtda 1100-den gowrak kafedrany birleşdirýän UNITWIN ulgamyna girdi. Bu Türkmenistanda şeýle görnüşli üçünji merkezdir. Mundan ozal Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda şeýle kafedralar döredilipdi.

Kafedranyň esasy wezipesi — döwrebap tehnologiýalary ykdysadyýetde ulanmaga we ylmy barlaglary geçirmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda emeli aň, uly maglumatlaryň seljermesi, geogiňişlik ulgamlary we agrosenagat toplumy hem-de serişdeleri dolandyrmak üçin hemra gözegçiligi ýaly ugurlar bar.

Kafedranyň işiniň çäklerinde Russiýanyň, Belarusyň, Türkiýäniň we Eýranyň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň eýýäm ýola goýlandygy habar berilýär.

Birinji mejlisiň dowamynda Geografik maglumatlar ulgamy barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Nikolaý Nikolaýew täze kafedranyň ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.

Çärä gatnaşyjylar tehnologiýalar merkeziniň tehniki binýadynyň halkara barlaglaryny we ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.


19.06.2026 18:41
2.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

18.06.2026 14:00
4.1k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......