Türkmenistanyň DIM-niň HGI Fransiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

  • 24.11.2025 00:01
  • 5k+

«Türkmen-Fransuz gatnaşyklary: häzirki zamanyň kynçylyklary we geljegi» atly maslahatyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa Parižde Fransiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Pariž II Panteon-Assas, Sorbonna we Syýasy barlaglar instituty (Sciences Po) bilen akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary hödürledi.

Türkmen diplomatik ýokary okuw mekdebiniň rektory halkara hukugy, ýaşyl energiýa, suw serişdelerini dolandyrmak we diplomatik barlaglar boýunça bilelikdäki magistr we doktorlyk (PhD) maksatnamalaryny işläp düzmegi teklip etdi. Ýusupowa Türkmenistan üçin Bitaraplygyň diňe bir daşary syýasat doktrinasy bolman, eýsem, milli pelsepäniň esasyny düzýän we innowasiýalar hem-de ählumumy dialog üçin köprüleri döredýän intellektual konsepsiýadygyny nygtady.
Rektor öz çykyşynda durnukly ösüş ulgamyndaky bilelikdäki ylmy taslamalara aýratyn üns berdi: metan zyňyndylaryna gözegçilik, wodorod tehnologiýalaryny goşmak bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, ekologiýa taýdan durnukly şäher gurluşy we suwdan rejeli ulanmak.
Gülşat Ýusupowa amaly teklip hökmünde goşa diplom maksatnamalaryny, diplomatiýa we halkara gatnaşyklary boýunça fransuz-türkmen tomusky mekdeplerini guramagy, şeýle hem talyplar we mugallymlar üçin okuw-hünär tejribelerini  giňeltmegi belledi.
Fransiýa bilen akademiki hyzmatdaşlygyň başlangyjy 1994-nji ýylda Prezident Fransua Mitteranyň Türkmenistana ilkinji sapary mahalynda, dilleri okatmak boýunça ylalaşyga gol çekilende goýuldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......