Ýapon alymlary ýetginjeklerde köp duşýan täze görnüşli leýkozyň üstüni açdylar

  • 25.03.2026 15:13
  • 2.6k+

Ýapon alymlary gan düwnük keseliniň esasan ýetginjeklerde has köp duşýan täze we howply görnüşini tapdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Milli onkologiýa merkeziniň ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Keniti Ýosida habar berdi.

Geçirilen barlagyň dowamynda T-öýjükli ýiti limfoblast leýkozynyň müňden gowrak netijesi seljerildi. Seljerme täze görnüş bilen ýoňlan 14 kişiniň 7-35 ýaş aralygyndaky näsaglardygyny ýüze çykardy. Olaryň ortaça ýaşy takmynan 17 ýaş boldy. Keseliň bu görnüşiniň näme sebäpden hut ýetginjeklerde köp duşýandygy indi anyklanylýar.

Gaýtalanmaga ukyply we heläk ediji netijeleriniň bardygy sebäpli, hünärmenler täze leýkozy örän ýokary töwekgelçilikli topara degişli etdiler. Iň ýaman ýeri, keseliň seýrek duş gelýän hromosom üýtgeşmeleri bilen baglydygy üçin, ony adaty barlaglar arkaly anyklamak gaty kyndyr. 

Keniti Ýosida bu ylmy barlagyň netijeleri geljekde keseliň täze we has täsirli bejergilerini işläp düzmäge kömek eder diýip umyt bildirýär.


düýn 12:08
5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......