Barlaglar ýaşlykdaky uky tertibiniň dowamlylygy bilen uzak ýaşamagyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy

  • 24.03.2026 10:52
  • 5.7k+

Käwagt iň ýönekeý endiklerimiz biziň pikir edişimizden has möhüm bolup bilýär. Science žurnalynda çap edilen täze ylmy tejribe uka täzeçe garamaga mejbur edýär. Oňa görä, ýaşlykdaky uky tertibi adamyň geljekde näçe ýaşajakdygyny kesgitläp biler.

Bu boýunça barlagda esas bolup, gysga ömürli kiçijik Afrika balygy hyzmat etdi. Alymlar bu balykda beýleki jandarlarda ýyllar boýy dowam edýän üýtgeşmeleri çaltlaşdyrylan görnüşde görüp bolýandygy üçin, ony köplenç garramak hadysasyny öwrenmekde nusga hökmünde ulanýarlar.

Tejribäniň dowamynda 81 sany balygyň tutuş ömri yzarlandy. Kameralar olaryň özüni alyp barşyny gije-gündiz hasaba aldy, soňra bu maglumatlar maşyn öwrenmesi tarapyndan seljerildi. Ulgam balyklaryň her bir hereketini — tizlikden başlap, işjeňlik we dynç alyş döwürlerine çenli seljerdi.

Netijeler eýýäm irki döwürde belli bolup başlady. Ýaş wagty balyklaryň özüni alyp barşy iki görnüşe bölündi. Oýa wagty örän işjeň bolan we diňe gije uklan balyklar uzak ýaşadylar, gowşak, haýal-ýagal we gündizine ýygy-ýygydan uklaýan balyklar bolsa az ýaşadylar.

Alymlar aýratyn hem 200 günden köp ýaşan balyklaryň (uzak ýaşajaklaryň) gündizlerine asla ýatmandyklaryny bellediler.

Bu tapawutlar tötänleýin bolmady. Şondan ugur alyp, gözlegçiler irki uky we işjeňlik düzgünine esaslanmak bilen, balygyň öm dowamlylygyny çaklap bilýän «özüni alyp baryş sagadyny» döretdiler.

Seljermeler bu tapawudyň diňe bir özüni alyp baryşda däl, eýsem genlerde hem bardygyny görkezdi. Gysga ömürli balyklaryň bagrynda belok sintezi we öýjük funksiýalaryny goldamak bilen bagly genler has işjeň işleýän bolup çykdy.

Alnan netijeler beýleki jandarlarda geçirilen synaglar bilen hem gabat gelýär. Bu açyş irki endikleriň garramak hadysasy bilen nähili baglanyşyklydygyny has çuň öwrenmäge ýol açýar. Şol sebäpli geljekde şeýle usullaryň adam saglygy üçin hem ulanylyp bilinmegi juda ähtimal.


düýn 13:03
3k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

düýn 11:43
3.1k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

01.06.2026 16:53
2.5k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

01.06.2026 00:04
6.3k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......