Xiaomi 902 km çenli ýol ätiýajy we lidary bolan täze nesil SU7 modelini hödürledi

  • 23.03.2026 07:08
  • 2k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy birnäçe kämilleşdirmeler bilen täzelenen SU7 elektromobilini resmi taýdan hödürledi. Indi CLTC sikli boýunça ulagyň geçýän ýoly 902 km ýetýär, LiDAR ulgamy ähli wersiýalaryň adaty üpjünçiligine goşuldy, Max wersiýasynda bolsa zarýad kuwwaty 897 wolta çenli ýokarlandy.

Standard wersiýasynyň bahasy 229 900 ýuandan (takmynan $33 000) başlanýar, bu bolsa Hytaýdaky Tesla Model 3-den takmynan 800 dollar arzan diýmekdir. Ýanwar aýynda deslapky sargytlar açylandan soňky ilkinji 24 sagadyň içinde kompaniýa tas 89 000 sargyt kabul etdi.

Esasy täzelik platforma bilen baglanyşyklydyr: Standard we Pro wersiýalary kremniý karbidli inwertorlary bolan 752 woltlyk arhitekturany, Max bolsa 897 woltlyk arhitekturany ulanýar. Bu zarýad berşi çaltlandyrýar: Max wersiýasy 15 minutda 670 km ýol üçin energiýa toplaýar. Akkumulýatory 5C aşa çalt zarýad beriş goldawy bilen 11 minutda 10%-den 80%-e çenli zarýadlandyryp bolýar.

SU7-niň ýol ätiýajy ähli wersiýalar boýunça artdy:

  • Standard — 720 km CLTC (ozal 700 km);
  • Pro — 902 km CLTC (ozal 830 km — 72 km artdy);
  • Max — 835 km CLTC (ozal 800 km töweregi).

Hereketlendirijileriň kuwwaty hem ýokarlandy: bir motorly Standard we Pro wersiýalary — 320 at güýji, iki motorly Max bolsa — 690 at güýji.

Pro modeli iki kameraly pnewmatik asma (podweska) bilen üpjün edildi, ähli awtomobiller has giň tekerlere we güýçlendirilen tormozlara eýe boldy. HAD awtonom sürüş ulgamy indi ähli wersiýalarda elýeterlidir.

Howpsuzlyk kämilleşdirildi: kuzowda aşa berk polat ulanylýar, howpsuzlyk ýassyklarynyň sany dokuza çenli köpeldildi, yzky ýolagçylar üçin täze gapdal howpsuzlyk ýassyklary goşuldy.

Daşky görnüşinde üýtgeşmeler az: täze «Capri Blue» reňki, täzelenen faralar we 20 dýuymlyk diskler goşuldy. Içerki bezegde täze salon dizaýny, iki reňkli rul we döwrebaplaşdyrylan merkezi konsol bar.

Awtomobiliň köpçülikleýin satuwy tanyşdyrylyşyndan soň dessine başlar, mart aýynda 16 000-den gowrak awtomobil çykarmak meýilleşdirilýär.


26.05.2026 16:04
2.3k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.8k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......