McDonald’s restoran brendleriniň arasynda liderligini saklady: gymmaty 42,6 milliard dollar

  • 23.03.2026 10:47
  • 2.7k+

Brand Finance kompaniýasynyň wersiýasyna görä, McDonald’s bassyr ikinji ýyl iň gymmat restoran brendleriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. 2026-njy ýylda brendiň bahasy 5% ýokarlanyp, 42,6 milliard dollara ýetdi. Umuman, reýtinge jemi bahasy 190,1 milliard dollar bolan iň uly 25 brend girdi.

Ikinji orunda Starbucks galdy, emma onuň bahasy 4% peselip, 37 milliard dollara düşdi. Analitikler munuň sebäbini bäsdeşligiň, aýratyn-da, Hytaýda güýçlenmegi bilen baglanyşdyrýar. Üçünji ýeri KFC eýeledi, onuň bahasy 8% ýokarlanyp, 16,5 milliard dollara deň boldy.

Şeýle-de, ilkinji bäşlige Subway (9,5 mlrd dollar, 18% ösüş) we Chick-fil-A (8,1 mlrd dollar, 44% ösüş) girdi. Ilkinji onlukda Tim Hortons, Domino’s Pizza, Taco Bell, Wendy’s we Pizza Hut ýaly brendler hem bar.

McDonald’s-yň ösüşini franşiza girdejileri we ulgamyň giňelmegi üpjün etdi. 2024-nji ýylda kompaniýa ABŞ-da 102 sany täze restoran açdy — bu 2013-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir. Ýylyň ahyryna çenli bu ulgamyň bütin dünýä boýunça 43,4 müň nokady hasaba alyndy.

Subway öz bahasyny daşary ýurtlardaky ösüşiň we sanly söwdanyň hasabyna artdyrdy. Kompaniýa 10 müňden gowrak restorany açmagy göz öňünde tutýan 25 sany franşiza ylalaşygyny baglaşdy. Şol bir wagtda ABŞ-daky ulgam 19,5 müň nokada çenli azaldy, bu bolsa soňky 20 ýylda iň pes görkezijidir.

Chick-fil-A bir nokatdan gelýän ýokary girdejiniň we ABŞ-dan daşary ýurtlara giňelmegi netijesinde iň ýokary ösüşi görkezdi. Bu reýtinge ilkinji gezek Hytaýyň Mixue, Haidilao we Luckin Coffee brendleri hem goşuldy.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......