Ýapon alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin hemişe aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler

  • 17.03.2026 15:38
  • 11k+

Ýaponiýanyň Ýamaguti uniwersitetiniň alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler. Bu barlagyň netijeleri The Anatomical Record ylmy žurnalynda çap edildi.

Bu ýagdaý haýwanyň oňurgasynyň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Barlagçylar pişikleriň oňurgasynyň döş böleginiň bil böleginden has çeýedigini anykladylar.

Hereket mehanizmini öwrenmek üçin alymlar ilki bäş pişigiň oňurgasyny barladylar. Olar oňurganyň çeýeligini, güýjüni we burulma garşylygyny ölçediler. Soňra alymlar ýokary tizlikli kameralary ulanyp, iki sagdyn pişigiň ýumşak ýere düşüşini wideoýazgy etdiler. Haýwanlaryň egnine we biline beden agzalarynyň hereketini yzarlamaga mümkinçilik berýän markerler berkidildi.

Seljermeler pişigiň ýere düşüş wagtynda göwresini tapgyrlaýyn aýlaýandygyny görkezdi. Ilki bilen göwresiniň öň tarapy, ýagny kellesi we öň aýaklary aýlanýar. Bu oňurgasynyň döş böleginiň ýokary çeýeligi we göwresiniň öň tarapynyň ýeňildigi  sebäpli bolup geçýär. Soňra göwresiniň yzky tarapy aýlanýar.

Oňurgasynyň bil bölegi has berk we stabilizatoryň işini ýerine ýetirýär.

Alymlar bu işiň netijeleriniň haýwanlaryň hereketlerini has takyk modelirlemäge, haýwanlaryň oňurga şikesleriniň bejerilişini gowulandyrmaga we has gowy öwrüm edip bilýän robotlary döretmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.


düýn 23:45
841

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....