Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

  • 10.03.2026 19:18
  • 7.6k+

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär.

Indi alymlarda garaşylmadyk bir çözgüt peýda boldy.

Massaçusets tehnologiýa institutynyň barlagçylary bütin organy göçürmezden, bagryň işjeňligini bölekleýin dikeltmäge kömek etjek tehnologiýany teklip etdi. Olar adaty sanjymyň kömegi bilen organizme goýberip bolýan özboluşly «mini-bagyrlary» — kiçijik öýjük gurluşlaryny döretdi. Olaryň ylmy barlaglarynyň netijeleri «Cell Biomaterials» žurnalynda çap edildi.

Bagyr adam organizminiň iň çylşyrymly organlarynyň biri hasaplanýar. Ol 500-e golaý dürli wezipäni ýerine ýetirýär: gany bakteriýalardan arassalaýar, ganyň lagtalanmagyny kadalaşdyrýar, dermanlaryň we toksinleriň gaýtadan işlenmegine gatnaşýar. Bu işiň esasy bölegini bagyr öýjükleri — gepatositler ýerine ýetirýär. Alymlar bejerginiň täze görnüşini döretmek üçin hut şolary ulanmaly diýen netijä geldi.

Ozal şeýle öýjükleri göçürmek hirurgik gatyşygy talap edýärdi. Indi bolsa olary mikroskopik gidrogel şarjagazlary bilen bilelikde organizme goýbermegiň usuly tapyldy. Sanjym wagtynda bu şarjagazlar özüni suwuklyk ýaly alyp barýar, emma organizme düşenlerinden soň gataýar we özboluşly karkasy emele getirýär. Şonuň netijesinde gepatositler biri-biriniň ýanynda galyp, golaýdaky gan damarlary bilen özara täsirleşip bilýär.

Sanjymyň düzüminde fibroblastlar — göçürilen gepatositleriň ýaşamagyna we işlemegine kömek edýän öýjükler hem bar.

Alymlar emele gelen bu ulgamy «hemra-bagyrlar» diýip atlandyrýar. Esasy organ organizmde galýar, göçürilen öýjükler bolsa onuň wezipeleriniň bir bölegini öz üstüne alyp, organizmiň işjeňligini goldaýar.

Tejribe wagtynda öýjükler syçanlaryň garnyndaky ýag gatlagyna goýberildi. Geljekde barlagçylar şeýle transplantatlary bedeniň beýleki ýerlerine, meselem, dalaga ýetirmegi meýilleşdirýär — esasy zat, ol ýerde ýeterlik giňişlik we gan damarlaryna gowy elýeterlilik bolmaly.

Netijeler köp zady wada beriji boldy: oturdylan öýjükler azyndan sekiz hepdäniň dowamynda öz işini dowam etdirdi.

«Biz bu tehnologiýanyň hirurgik gatyşyga alternatiwa bolup biljekdigine, şeýle hem donor organy tapylýança organizmi saklamaga ukyplydygyna ynanýarys. Eger näsaga ýene bir sanjym gerek bolsa, bu gaýtalanýan operasiýadan has aňsat bolar» – diýip, makalanyň awtorlary jemledi.


düýn 18:05
1.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......