Açlyk – beýnide: alymlar doýanyňdan soň hem ýene iýmek isleginiň sebäbini düşündirdiler

  • 06.03.2026 07:51
  • 6.7k+

Iňlis alymlarynyň täze barlagy adamlaryň doýagarna nahar iýenlerinden soň hem näme üçindir ýene ýeňil-ýelpaý iýmitlerden ýüz öwrüp bilmeýändikleriniň sebäbini düşündirýär. Gündogar Angliýa we Plimut uniwersitetleriniň hünärmenleri öz geçiren barlaglarynda adam bedeni fiziki taýdan doýan hem bolsa, beýniniň iýmitleriň suratyndan we ysyndan täsirlenmegi dowam edýändigini ýüze çykardylar.

Barlagyň esasy awtory doktor Tomas Sambrukyň aýtmagyna görä, semremek meselesi adamyň diňe bir şahsy tertip-düzgüni bilen bagly däl. Ol muny: «Semizlik dünýä derejesinde saglygy goraýyşyň düýpli meselesine öwrüldi. Emma onuň artmagyny erk ýa erksizlik bilen baglamak nädogrydyr. Bu — biziň iýmitden doly gurşawymyzyň we işdä açyjy çagyryşlara bolan täsirlenmämiziň bedeniň tebigy işdäni duýup bilijiligini basyp ýatyrýandygynyň alamatydyr» diýmek bilen, has düýpli düşündirýär.

Synaga 76 adam gatnaşdy. Olar sylag hökmünde süýjülikler we ýeňil tagamlar berilýän oýun oýnadylar. Oýnuň dowamynda olaryň beýni işjeňligi elektroensefalografiýa (EEG) enjamynyň kömegi arkaly yzarlanyldy. Barlagyň netijesinde nahardan soň ýene bir zatlar iýmek isleginiň peselendigi, ýöne beýniniň «sylag almak» bilen baglanyşykly böleginiň iýmitiň suratyna öňküsi ýaly işjeň täsirlenýändigi anyklandy.

«Biz beýniniň, adamyň nähili doklugyna garamazdan, iýmitiň özüne çekijiligini peseltmekden ýüz öwürýändigini bildik. Bu bolsa aşa köp iýmäge eltýän gönümel ýoldur» diýip, doktor Sambruk nygtaýar.

Barlagyň netijeleri Appetite žurnalynda çap edildi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......